Türkmenistan bilen Litwanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen-litwa DIM-ara geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, litwa tarapyna - Litwa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mantas Adomenas ýolbaşçylyk etdiler.
Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibine seredilip geçildi. Taraplar ulag we logistika infrastrukturasy, energetika, daşky gurşaw meseleleri ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi üçin mümkinçilikler barada umumy pikir alyşdylar.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm tarapy parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýar we bu meselede ähmiýetli orun Türkmenistanyň Mejlisinde hereket edýän Litwa Respublikasynyň Parlamenti bilen Dostluk toparyna degişlidir. Şu nukdaýnazardan W.Hajiýew iki döwletiň mejlisiniň agzalarynyň özara saparlaryny guramagyň mümkinçiligine garamagy teklip etdi.
Diplomatlar döwletleriň köptaraplaýyn formatda, ilkinji nobatda BMG, Ýewropa Bilelişiginde, şol sanda Merkezi Aziýa-Ýewropa Bilelişigi hyzmatdaşlygy formatynda, taraplaryň öňe süren halkara başlangyçlaryna we tekliplerine özara goldaw berýändiklerini aýtdylar.
Taraplaryň pikirine görä, Türkmenistan we Litwa Respublikasy söwda-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňyn mümkinçiliklere eýe. Bu ugurdaky gatnaşyklary güýçlenmek üçin iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda netijeli aragatnaşyk gurmagyň geljegi barada hem bellenildi.