Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň çäklerindäki çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktorynyň orunbasary Siyong Zou bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen UNIDO-nyň özara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny seljerdiler hem-de gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmek we berkitmek babatynda pikir alyşdylar.

Şu nukdaýnazardan, senagat pudagynda, energetika, ekologiýa, sanlylaşdyrma we “akylly” şäherler ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak meselelerine seredildi. Taraplar şeýle-de Ählumumy durnukly senagat ösüşi strategiýasynyň çäklerindäki möhüm ugurlary ýerine ýetirmäge gönükdirilen çäreleri ilerletmek boýunça hem pikir alyşdylar.