Tunisiň ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Tunis Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Tarek Ben Salemden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Ministriniň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň alyp barjak diplomatik işiniň türkmen-tunis gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de mundan beýläk hem özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklary ösdürmek babatynda anyk ugurlar kesgitlenildi.

Taraplar Türkmenistan bilen Tunisiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşde hem, abraýly halkara düzümleriň çäklerinde hem uly mümkinçiliklere eýedigini nygtadylar.