Türkmenistanyň Ilçihanasy Ankarada köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäresini geçirdi

Ýurdumyzda her ýylyň 5-nji apreli 5-nji maýy aralygynda geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriň biraýlygy we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji aprelinde bolan 72-nji mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan “Bütindünýä welosiped güni” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli, Ilçihananyň tarapyndan 2018-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäheriniň merkezinde ýerleşýän Türkmenistan seýilgähinde sportuň welosipedli ýörişi, wolleýbol, stol tennisi we küşt görnüşleri boýunça sport çäreleri geçirdi.
Köpçülikleýin sport çäresine Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasynyň wekilleri, Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň türk böleginiň başlygy we wekilleri, Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň agzalary, Ankara şäherinde bilim alýan türkmen we daşary ýurt talyplary we "TRT Awaz" döwlet teleýaýlymynyň wekilleri gatnaşdylar.
Medeni-sport çäresiniň başlanmagynyň öňüsyrasynda 2018-nji ýylyň 13-nji aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ýene bir üstünlikleri barada habar berildi. Aýratyn hem, ýurdumyzyň teklibi bilen kabul edilen Kararnama laýyklykda her senäniň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilendigi barada bellenildi we Hormatly Prezidentimiziň täze ýeňişi bilen ähli çärä gatnaşyjylar gutlandy.
Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň türk böleginiň başlygy, Adalat we ösüş partiýasynyň Ordu welaýaty boýunça deputaty Metin Gündogdy Türkmenistanyň dünýädäki abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýän iri daşary-syýasy çäreleriň durmuşa geçirilýändigine öz taraplaryndan buýsanýandyklaryny we häzirki döwürde Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berilýändigini belledi.
Welosipedli ýöriş Türkmenistan seýilgähinde dowam etdirildi we onuň dowamynda jemi 10 km. ýol geçildi. Welosiped sportuny we sagdyn-durmuş medeni çärelerini wagyz etmek üçin Ilçihana tarapyndan geçirilen bu çäreler Ilçihananyň diplomatlarynyň we türkmen talyplarynyň arasynda sport bilen işjeň meşgullanmaga çagyryş bolup hyzmat eder.
Sport çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara türkmen palawy hödür edildi.