Bangladeşiň ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi M.Amanul Hakdan (oturýan ýeri Ankara şäheri) ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Ministriň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işini durmuşa geçirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem halkara we sebit guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.