Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy

img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Çžiniň  duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda daşary syýasat edaralaryň wekilleri iki ýurduň arasynda alnyp barylýan giň gerimli gatnaşyklary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler Türkmenistan we Koreýa Respublikasy üçin köp ýyllyk dostlukly we ysnyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklara daýanýan türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň geljekki ösüşiniň orny barada aýratyn belläp geçdiler. Mundan beýläk hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmeginde, berkidilmeginde ýokary derejeli gatnaşyklar uly orna eýe bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Raşid Meredow öz çykyşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň gatnaşmagynda geçen netijeli dialogyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi, sebit we dünýä gün tertibinde duran möhüm meseleler barada pikir alyşandyklary babatynda aýratyn belläp geçdi.

Ministrler parlamentara gatnaşyklaryň berkemegi bilen bagly özara pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky syýasy durmuşynda bellärlikli waka bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Seul şäherine resmi saparyna we 2023-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň spikeri Kim Çžin Phýonyň Aşgabada saparyna aýratyn üns berildi.

Taraplar parahatçylygy ýola goýmakda, durnukly ösüşi saklamakda ikitaraplaýyn goldawyň ýokary derejesini we halkara guramalarynyň çäginde, aýratyn hem BMG-niň çäginde özara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny gazandylar.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiki, dowamly we uzak möhletli häsiýete eýedigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Olaryň arasynda Arkadag şäherinde senagat klasterini döretmek taslamalary, gaz himiýa zawodlaryny gurmak, elektrik ulaglaryny we elektrik awtobuslaryny satyn almak, “akylly şäherleriň” gurluşygyna iň täze sanly, maglumat, aragatnaşyk we beýleki tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin maýa goýumlary, deňiz suwuny süýjediji usullary we tehnologiýalary ulanmak we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak üçin täzeçillikler, maliýeleşdirmegiň diwersifikasiýasy, ýaşyl we wodorod energiýasy boýunça Koreýa Respublikasynyň tejribesini öwrenmek, bäsdeşlige ukyply önümlerini öndürmäge gönükdirilen häzirki zaman ýokary tehnologiýaly pudaklary döretmek ýaly taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu nukdaýnazardan, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň işi biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin netijeli gural hökmünde bellenildi.

Mundan başga-da, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bilim, ylym, koreý dilini öwrenmek, saglygy goraýyş we lukmançylyk ugurlar bellenildi.

Şeýle hem, medeni alyş-çalyşlaryň ähmiýeti barada belläp, taraplar hususan-da şu ýylyň mart aýynda Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylygy bilen bilelikde geçirilmegine aýratyn üns berildi. Taraplar 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň Medeniýet hepdeligini guramagyň möhümdigi nygtaldy.

Ministrleriň duşuşygynyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Olar:

  • "Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Pusan milli uniwrsitetiniň Koreý lukmançylyk mekdebiniň we Koreýa Respublikasynyň Koreý lukmançylygynyň ösüş milli institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama";
  • "Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyk";
  • "Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk Maksatnamasy".

Şeýle hem, şol gün Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Koreý uniwersitetiniň Lukmançylyk kollejiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.