“Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlygynyň çäginde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy boýunça press-reliz

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň Daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisi geçirildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň häzirki mejlisi “Merkezi Aziýada we Koreýa Respublikasynda durnukly geljegi üpjün etmekde ýaşlaryň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlyk" atly tema bagyşlandy. Bu garaýyş foruma gatnaşyjy ýurtlaryň ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitleýän gün-tertibini düzmek boýunça bilelikdäki tagallalarynda öz beýanyny tapýar. Şu işde ýaşlara we olaryň mümkinçilikleri aýgytlaýjy orun degişli edilýär.

Duşuşygyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar ähmiýetli sebit meseleleri, foruma gatnaşýan döwletlerde ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişi, şeýle hem, milli meýilnamalaryň we maksatnamalaryň çäginde amala aşyrylýan anyk çäreler hem-de işler barada beýan etdiler. Taraplar halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek we berkitmek boýunça, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça ýaşlaryň özara hyzmatdaşlygyna degişli wajyp başlangyçlaryň hem-de pikirleriň birnäçesini öňe sürdüler.

Duşuşykda eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow 2023-nji ýyl Türkmenistanda ýaşlar ýyly diýlip yglan edilendigini bellemek bilen, türkmen tarapynyň «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna ýolbaşçylyk etmeginiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginde ýaşlar syýasaty babatyndaky ýörelgeleriň aýdyň beýanyny tapandygyny nygtady.

Durnukly ösüşi üpjün etmekde ýaşlaryň mümkinçilikleriniň milli meýilnamalary we maksatnamalary hem-de degişli ugurda halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmakda ulanylmagynyň zerurlygyna ynam bildirildi. Şol bir wagtyň özünde, “Ýaşlar 2030”, “Serhetsiz nesil”, “Bütindünýä mirasynyň meýletinçileri” we Ählumumy Ýaşlar jemgyýeti atly başlangyçlaryň ähmiýeti nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy ýakyn geljekde bilelikdäki tagallalary ýaşlar syýasatynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyga gönükdirmekligiň hem-de Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň ýaşlarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygy boýunça strategiýasyny taýýarlamaklygyň maksadalaýykdygyny belledi. Degişli resminamanyň esasy mazmuny bilim we ylym, sport hem-de medeniýet ýaly möhüm ugurlarda jemlenilmelidigi nygtaldy. Şunda, “ikitaraplaýyn diplom”maksatnamalarynyň çäklerinde hünärmenleri taýýarlamagyň mümkinçiliklerine seretmek, “Ýaş zehinler” maksatnamasyny işläp düzmek, 2025-2030-njy ýyllar üçin medeni hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyny taýýarlamak, Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň ýaşlarynyň halkara sport oýunlaryny geçirmek hem-de beýleki başlangyçlar öňe sürüldi.

Edilen çykyşlarda ýaşlar ugry boýunça hyzmatdaşlygy amala aşyrmakda  Koreýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça agentligi (KOICA), Koreý gaznasy (KF), Ählumumy ýaşyl ösüş instituty (GGGI), şeýle hem milli we halkara hyzmatdaşlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklanylmalydygy bellenildi.

Gepleşikleriň dowamynda sebitleýin we halkara gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi  hem-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagy dowam etdirmek baradaky umumy pikir beýan edildi. Ministrler Forumyň işiniň yzygiderli köptaraplaýyn maslahatlaşmanyň platformasy hökmünde hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky goşandynyň ähmiýetini bellediler.

Parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde täsirli gural hökmünde çykyş edýän parlament diplomatiýasynyň ähmiýeti we zerurlygy barada bellemek bilen, ministrler Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň sentýabr aýynda Koreýa Respublikasynda geçirilen ilkinji mejlisiniň netijelerine ýokary baha berdiler. Wekiliýetleriň ýolbaşçylary bu formatyň ikinji mejlisini 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek teklibini goldadylar.

Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasy formatyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan wezipelerinden biri hökmünde ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, gepleşiklerde Merkezi Aziýada koreý işewürliginiň hereket etmegi, dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitiň ösüşine düýpli we oňyn täsir etmäge hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga ýardam edýänligi nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” formatyndaky hyzmatdaşlygyň özara gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlarynda jemlenmeginiň zerurlygyna, bar bolan obýektiw artykmaçlyklaryň we mümkinçilikleriň ulanylmagynyň wajyplygyna ünsi çekdiler. Şol bir wagtyň özünde, taraplar halklaryň taryhy we medeni arabaglanyşygynyň, milli gymmatlyklaryň hem-de ahlak garaýyşlaryň meňzeşligine uly ähmiýet berdiler.

Gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Aşgabat forumy gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigine, ykdysady we logistika mümkinçilikleriň artdyrylýandygyna, ylym, bilim, lukmançylyk, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak, senagat pudagynda, oba-hojalygynda, dokma senagatynda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda, sanlylaşdyrmakda, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlykda üstünlikli işleriň alnyp barylýandygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

 “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň netijeleri boýunça Daşary işler ministrleriniň bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Şeýle-de, bu forumyň sekretariatynyň 2024-nji ýyl üçin iş maksatnamasy tassyklanyldy.

“Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” formatyndaky forumyň indiki mejlisi 2024-nji ýylda Koreýa Respublikasynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.