Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy
2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Çžini kabul etdi.
Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Prezident Ýun Sok Ýoluň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda koreý tarapynyň özara hormat goýmak, oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan däp bolan döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamyny aýtdy hem-de dostlukly ýurduň Daşary işler ministrine, onuň kärdeşlerine bu formatda netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine täze itergi berjek forumyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ýokary ösüş depginlerine kanagatlanma bildirildi. Bellenilişi ýaly, ýokary derejede açyklyk, özara ynanyşmak esasynda ýola goýlan dialog döwletara gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagynyň möhüm şertidir.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen bolan duşuşygynyň netijeli häsiýetini nygtady. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de geljekki ugurlary kesgitlenildi.
Şeýle hem iki ýurduň halkara guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk forumynyň işiniň netijelidigi nygtaldy.
Soňky ýyllarda parlamentleriň ugry boýunça türkmen-koreý gatnaşyklary hem yzygiderli häsiýete eýe boldy. Iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň özara saparlary amala aşyrylýar. Şeýle gatnaşyklar parlamentarileriň arasynda netijeli tejribe alşylmagyna hem-de hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berýär.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, iri koreý kompaniýalarynyň birnäçesi indi köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň nebitgaz we ulag pudaklarynda netijeli iş alyp barýarlar. Şunda taraplaryň işewürlik hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge özara gyzyklanmalary tassyklanyldy.
Şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamyň türkmen-koreý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek boýunça Patyşa Sejong adyndaky bilim merkeziniň üstünlikli işleýändigi bellenildi. Koreý dili Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem öwredilýär. Şol bir wagtda, türkmen ýaşlary Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.