Aşgabat şäherine bagyşlanan maslahat geçirildi
2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriň toruna “Dizaýn” ugry boýunça girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň we Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, mugallymlar we talyplar, metbugat wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri bilen netijeli hyzmatdaşlyga uly üns berilýändigini belledi.
Şol bir wagtyň özünde, döwletimiziň ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlygy we şu nukdaýnazardan, şu ýylyň 31-nji oktýabrynda Bütindünýä şäherler gününde Guramanyň Baş direktory tarapyndan Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriň toruna “Dizaýn” ugry boýunça goşulmagy netijeli özara gatnaşyklaryň çäginde gazanylan ýene bir üstünlik bolup durýar, şeýle hem Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtynyň ajaýyp, tehnologiki taýdan ösen hem-de binagärlik we şähergurluşyk sungatynyň ajaýyp nusgasy hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilýändigini äňladýar.
Çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan iri şähergurluşyk taslamalarynyň häzirki wagtda işjeň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak üçin uly işler amala aşyrýan Arkadagymyza we Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.