Ankarada Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreler geçirildi

2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkiýäniň Welosport Federasiýasy bilen bilelikde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosiped ýörüşini gurnady.

Ankaranyň Botaniki seýilgähinde geçirilen köpçülikleýin sport çärä Türkiýäniň Ýaşlar we sport ministrliginiň, Welosport Federasiýasynyň ýolbaşçylary, sport türgenleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar.

Sport çäresine badalga beriş dabarasynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Bütindünýä welosiped gününi bellemek barada Rezolýusiýasynyň kabul etmeginiň dünýä bileleşigi tarapyndan ýurdumyzda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, welosiped sürmegi wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin şertleri döretmek, ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berilýändigine şaýatlyk edýändigi nygtaldy.