Türkmenistanyň paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XVII köpugurly halkara sergi öz işine başlady

2018-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XVII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Sergi häzirki Türkmenistanda şähergurluşyk, binagärlik hem-de şäher düzümini döretmek ulgamynda gazanylan üstünlikleri, toplanan iş tejribesini hem-de geljegini görkezýär.

Sergini guraýjylar Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy gurluşykdan başlap, elektrik energiýasyna, gaýtadan işleýän we ýerli senagata, bezege hem-de şäher durmuşyny abadanlaşdyrmaga çenli özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin gyzyklanma döredýän zatlaryň giň gerimini hödürleýärler.

Serginiň işine ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň kärhanalarynyň, şeýle hem Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Gazagystandan, Koreýadan, Russiýadan we beýlekilerden iş toparlarynyň 80-den gowragynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň işewürleri, bilermenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de köp sanly myhmanlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda serginiň Aziýanyň merjen paýtagtynyň şähergurluşygynda gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä ýaýjakdygyna berk ynam bildirdi.

Sergide ýokary tehnologiýaly enjamlar, gurallar, döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri, kompýuter hem-de aragatnaşyk mümkinçilikleri, azyk senagaty, ekologiýa meselelerini çözmekde, sporty we syýahatçylygy ösdürmekde, ylmy, işgärler, medeni kuwwaty artdyrmakda gazanylan üstünlikler hödürlenilýär.

Sergä daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda şähergurluşyk we senagat ulgamynda, şeýle hem ýol-ulag düzüminde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýan edaralar we kompaniýalar bar. Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlary gurluşyk desgalarynyň kiçeldilen nusgalaryny, şäher gurşawynda ýaşamagyň iň gowy şertlerini üpjün etmek hem-de şäher hojalygyny dolandyrmak bilen baglanyşykly innowasiýa işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary görkezýärler, olar gurluşyk, suw üpjünçiligi we yşyklandyryş, ýol gurluşygy, işjeň dynç alyş ulgamyny we beýlekileri hem öz içine alýar.

Türkmen paýtagtyny ösdürmegiň geljekki meýilnamalary häzirki wagtda iri daşary ýurt maýadarlarynyň hem-de potratçylarynyň, önüm öndürijileriniň hem-de işewürler toparlarynyň has uly gyzyklanmasyna eýe bolýar, olar Aşgabady gurmak we abadanlaşdyrmak boýunça iri möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmak isleýärler. Şu günler bu sergi şähergurluşyk, şäher ulag ulgamlaryny, aragatnaşygy we kommunikasiýalary, durmuş, söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek meselelerini giňden ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrülýär.

XVII köpugurly halkara sergisi täze taslamalar we teklipler bilen tanyşdyrmak üçin özboluşly meýdançany döreder, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlara Aşgabadyň senagat, medeni we aň-paýhas mümkinçiliklerini, onuň ägirt uly durmuş-ykdysady serişdelerini özünde jemleýän Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň hem-de düzümleriniň ýeten sepgitleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.