Türkmenistan we Gwineýa-Bisau ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar
2018-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Gwineýa-Bisaunyň Saud Arabystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Mamadu Sano bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy berkitmeklik ugrundaky, şeýle-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de mundan beýläk hem halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň geljegine garalyp geçildi.
Türkmen tarapy boýunça iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda dowamly gatnaşyklary ýola goýmagy teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda syýasy geňeşmleriň dowamly geçirilip durmagy diňe bir ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklara itergi bermän, eýsem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň hem ösmegine sebäp bolar.
Duşuşygyň soňunda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýurtlary uzakmöhletleýin ähmiýetde ýokary derejä çykarmagyň zerurdygyny belläp geçdiler.