TÜRKMENİSTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MASLAHAT

photo


Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy hem-de 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2016-njy ýylyň 1-nji iýunynda Ankara şäheriniň Hajettepe döwlet uniwersitetinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy: 2016-njy ýyl Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. 

Malahata Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň käbir deputatlary, Söwda we biržalar birleşiginiň (TOBB) wekilleri, Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň başlygy we agzalary, Türk medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) başlygy, ýokary okuw jaýlarynyň professor-mugallymlary we bilermenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Türkiýe Respublikasynda işleýän ildeşlerimiz we bilim alýan türkmen talyplary, jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Hajettepe döwlet uniwersitetiniň Baş sekretary Prof. Dr. Zafer Aýaş, TÜRKSOÝ guramasynyň Baş sekretary Dýusen Kaseinow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory J.Gurbangeldiýew, Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň başlygy we Dünýä Türkmenleri Ynsanperwer Birleşiginiň hemişelik agzasy H.Ýüjel hem-de uniwersitetleriň professorlary, bilermenleri we beýlekiler çykyş etdiler.