Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyk

2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek we çagalaryň abadançylygyny üpjün etmek üçin Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyk geçirildi.  

Mejlisiň işine Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) wekilhanasynyň Türkmenistandaky baştutany Şahin Niloferiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti, şeýle hem Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary babatda maglumat berdi. Ýaşlar syýasatynyň, şeýle hem çagalaryň hukuklaryny goramagyň we üpjün etmegiň üstünliklerini belläp, ýurtda bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky işine gysgaça göz aýladylar. Durnukly ösüş maksatlarynyň çarçuwasynda çagalary hukuklaryny durmuşa geçirmeiň esaslary babatda aýdyp, duşuşyga gatnaşyjylar Hereketleriň milli meýilnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýetini bellediler we olary durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. UNICEF-yň wekilhanasynyň ýolbaşçysy bu resminamanyň häsiýetiniň agramlylygyny we köpçygyrlylygyny belledi we çäreleriň ençemesini gurnamak we bilelikdäki toparyň döredilmegi arkaly ony durmuşa geçirmek boýunça teklipleriň ençemesi bilen çykyş etdi.

Bu resminamanyň maksatlary babatda jikme-jik maglumatlary berip, türkmen tarapy Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny öz içine çagalaryň we aýallaryň hukuklaryny goramak we ýerine ýetirmek ugrunda Türkmenistanyň syýasatynyň tutuşlygyna öz içine alýandygyny belledi.