ULAG ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ETMEK BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUMYN IŞ TOPARYNYŇ MEJLISI
2018-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenbaşy şäherinde, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Rumyniýanyň Hökümetiniň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda döredilen ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi.
Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, taraplar öňki duşuşykda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy we ulag-üstaşyr ulgamlarynda ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar. Taraplar bu ugurda özara arkalaşykly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiligi babatda pikir alyşdylar. Şunlukda, taraplar Türkmenbaşy bilen Konstansa deňiz portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini aýratyn bellediler.
Mejlisiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Prezidentleriniň ýokary derejedäki, şeýle hem daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşyklarynda gazanylan ylalaşyklaryň güýçlendirilmeginiň zerurlygyny berkitmek we iki ýurduň ulag ugurlaryny Ýewropa tarap we yzyna tarap diwersifikasiýalaşdyrmak üçin iki ýurduň ulag-üstaşyr ugurlarynyň ähli mümkinçiliklerini we ulag infrastrukturasynyň desgalaryny peýdalanmak barada pikir alyşdylar.
Mejlisiň ahyrynda taraplar ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň üçünji mejlisiniň jemleýji Teswirnamasyna gol çekdiler.