TÜRKMENISTANDA TÄZE DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY DÖREDILDI

2018-nji ýylyň 23-nji iýulynda Aşgabatda geçirilen maslahatyň esasy meselesi milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň öňünde durýan möhüm wezipeler boldy. Täze institut Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyny birleşdirmegiň esasynda döredildi.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny has-da berkitmäge, halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik däplerini baýlaşdyrmaga, her bir raýatyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmäge gönükdirilen oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Ol kanunyň hökmürowanlygynyň, türkmenistanlylaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň mizemezliginiň, ýurdumyzda okgunly döredijiligi we ösüşi üpjün etmegiň kepili bolup durýar.

Ählumumy ösüşiň döwründe döwletliligiň milli tejribesiniň üstünlikli bolmagyny ylmy esasda öwrenmegiň möhümdigini bellemek bilen, çykyş edenler Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze instituty döretmek hakynda kabul eden çözgüdiniň wajypdygyny bellediler. Institutyň işgärleriniň üstüne toplumlaýyn ylmy-barlag işlerini geçirmek, seljeriş we maglumat synlaryny taýýarlamak, öňdebaryjy hukuk ulanyş tejribesini öwrenmek, döwleti öwreniş, şeýle hem adam hukuklary babatda milli maksatnamalary we meýilnamalary amala aşyrmak boýunça jogapkärli wezipe ýüklenildi.

 Täze ylmy edaranyň köpugurly işi dünýäde umumy kabul edilen hukuk kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyna ornaşdyrmak boýunça teklipleri işläp taýýarlamaga hem gönükdiriler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň işiniň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyldy.