Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Gynanç hatynda Türkmenistanyň Prezidenti Stambul şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanjyny bildirýär.
Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar.
Şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem Hormatly Prezidentimiz öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna medet beriji sözler bildirdi.