Türkmenistanyň DIM-de ÝUNESKO-nyň klaster edarasynyň direktory bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan, ÝUNESKO-nyň Tähran şäherindäki klaster edarasynyň direktory hanym Ester Kuiş-Laroş bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda abraýly halkara guramasynyň wekili türkmen tarapyna şu ýyllaryň dowamynda wezipesini ýerine ýetirmekde eden ýardamlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlagyň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikirileri alyşdylar, olaryň hatarynda ylym-bilim we medeniýet ulgamlaryny, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine saldamly goşant goşandygyna şaýatlyk edýän türkmen halkynyň taryhy-arhitektura ýadygärliklerini gorap saklamak ulgamynda özara hereket etmekligi belläp geçdiler. Şeýle hem, häzirki wagtda Türkmenistanyň diňe bir taryhy-medeni gymmatlyklaryny däl-de, eýsem gaýtalanmajak tebigy ýadygärliklerini ÝUNESKO-nyň bütindünýä sanawyna girizmek boýunça işjeň hereketleri dowam edýändigi hem bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar üstümizdäki ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna «Ýüpek ýoly» atly nominasiýasy boýunça Utgaşdyryjy komitetiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň soňunda türkmen tarapy hanym Ester Kuiş-Laroşa Türkmenistan bilen UNESCO-nyň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürkmekde goşan goşandy üçin özüniň minnetdarlygyny bildirip, mundan beýläk hem işinde üstünlikleri arzuw etdi.