Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

2016-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, strategik häsiýete eýe bolan we ýyl-ýyldan täze mazmun bilen üsti ýetirilýän dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Gürrüňdeşligiň barşynda bu gatnaşyklaryň düýp manysynyň iki doganlyk ýurduň we halkyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de baýlaşdyrmak arkaly dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda öz ornuňy pugtalandyrmakdan ybaratdygy aýdyldy.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Erdogan Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar we bozulmaz dostluk hem-de köpasyrlyk taryhy-medeni, ruhy umumylyk arkaly baglanyşýan türkmen we türk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.