Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitine gatnaşdy
2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherine iş saparyny amala aşyrdy, milli Liderimiz bu ýerde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitine gatnaşdy.
Sammite gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aktau şäheriniň halkara howa menzilindeTürkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar.
Milli Liderimiz howa menzilinden Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitiniň geçirilýän ýerine - “Dostluk” köşgüne ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew mähirli garşylady. Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşýarlar, olar bu ýerde bilelikde surata düşýärler.
Aktauda geçirilýän sammite gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bu ýere geldiler.
Döwlet Baştutanlary “Dostluk” köşgüniň mejlisler zalyna geçýärler, bu ýerde ýokary derejede giňeldilen görnüşde bäştaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Onuň gün tertibine ileri tutulýan meseleleriň toplumy, ozaly bilen Hazar deňziniň hukuk derejesi, ykdysadyýet, ulag, ekologiýa, Hazarda howpsuzlygyň üpjün edilmegi ýaly möhüm ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şeýle hem hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri girizildi.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti duşuşygy açyp hem-de daşary ýurtly kärdeşlerine ýüzlenip, Aktau Sammitiniň jemleriniň Hazarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewe myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Hazarda bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp babatda biziň ýurtlarymyzyň söwda-ykdysady hem-de ulag meselelerine goşulyşmagynyň derejesine baglydygyny belläp, Türkmenistanyň IV Hazar sammitinde döwletleriň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda hem-de ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda degişli Ylalaşyklary işläp taýýarlamak boýunça öňe süren başlangyçlaryny goldan Hazarýaka döwletlerine minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz 2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmeginiň Hazarýaka ýurtlarynyň ählisiniň bu ugurda tagallalaryny birleşdirmäge taýýardygynyň tassyknamasy boljakdygyna ynanýandygyny belläp, bu forumy Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlaryna Hazarda hoşniýetli goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmek işlerine goşýan uly şahsy goşantlary, bilelikdäki işiň ähli tapgyrlarynda oňyn hem-de özara hormat goýmak duýgularynyň beýan edilendigi üçin ýene bir gezek aýratyn minnetdarlyk bildirýändigini aýdyp, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň geljekki sammitini Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi.
Bäştaraplaýyn ýokary derejedäki giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soň, “Maslahatlar” zalynda jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentleri Hazarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň hukuk kadalaryny berkidýän taryhy, binýatlaýyn resminama — Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekýärler.
Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk hakynda 2010-njy ýylyň 18-nji noýabryndaky ylalaşyga, Hazar deňzinde terrorçylyga garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama; Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk hakynda 2010-njy ýylyň 18-nji noýabryndaky ylalaşyga, Hazar deňzinde guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnama; Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga; Ulag babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda ylalaşyga; Hazar deňzinde hadysalaryň öňüni almak hakynda ylalaşyga; Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk hakynda 2010-njy ýylyň 18-nji noýabryndaky ylalaşyga Serhet edaralarynyň hyzmatdaşlyk we arkalaşykly hereket etmegi hakyndaky Teswirnama gol çekilýär.
Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammiti boýunça degişli Maglumat hem kabul edildi.
Şeýlelikde, ýokary derejedäki şu gezekki duşuşyk Hazar sebitiniň ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň taryhynda täze eýýamy alamatlandyrýan hakyky öňegidişlige beslendi hem-de bäştaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyna hil taýdan täze kuwwatly itergi berdi.
Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary metbugat üçin beýannama bilen çykyş etdiler.
Metbugat maslahaty tamamlanandan soň, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy boldy.
Şol gün şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşygy boldy.
Günüň ikinji ýarymynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary Hazar deňzine ýaş bekre balyklaryny goýbermek dabarasyna gatnaşdylar. Bu aýratyn ähmiýetli çäre kenarýaka ýurtlarynyň netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlylygynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Onuň esasy maksady Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr.
Döwlet Baştutanlaryna Hazar deňzine bagyşlanylan ýörite sahnalaşdyrylan çykyşlar görkezildi.
Saparyň maksatnamasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aktau şäheriniň Halkara howa menziline bardy, ol ýerden Watanymyza ugrady.