Merkezi Aziýanyň Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy komissiýasynyň 74-nji mejlisi

2018-nji 22-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda Merkezi Aziýanyň Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy komissiýasynyň nobatdaky 74-nji mejlisi geçiriler.

Maslahatyň işine Merkezi Aziýanyň suw hojalyk edaralarynyň ýolbaşçylary - Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy komissiýasynyň agzalary, şeýle hem ýerine ýetiriji edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşar.

Amyderýa we Syrderýa basseýnleri boýunça 2018-nji ýylyň ösüş döwri üçin alynýan suw paýlarynyň, derýalaryň ugrundaky suw howdanlarynyň akymynyň hereketiniň durmuşa geçirilişi hem-de Aral deňziniň basseýninde ýerleşýän ýurtlara kömek bermek boýunça Maksatnamanyň (ADSM-4) taýýarlanylyşynyň meselelerine serediler.

Maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň «Smart Waters Project» taslamasynyň durmuşa geçirilişi we onuň netijeleri boýunça elektron görnüşli tanyşdyrylyşy geçiriler.