Bahreýn Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy
2018-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmak maksady bilen iş saparyna gelen Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda (rezidensiýasy Ankara ş.) täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Ebrahim Ýusuf Al-Abdulla bilen duşuşyk boldy.
Duşuşykda türkmen tarapy Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy iki döwletiň gyzyklanmalaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny belledi.
Bahreýniň Ilçisi syýasy hyzmatdaşlyk ugrundaky meselelere degip geçende, Türkmenistanyň Bitarap daşary syýasatynyň ornuny we möhümdigini belläp, onuň sebitiň şeýle-de bütin dünýäniň howpsuzlygyny we berk ösüşini berkitmekde aktuallygyny saklaýandygyny aýtdy. Gatnaşyklary täze derejä çykarmakda ýokary derejedäki duşuşyklary gurnamagyň wajyplygy bellenildi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, taraplar aragatnaşygyň işjeňleşdirimeginiň zerurlygyny bellediler we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekde uly gyzyklanmalaryny bildirdiler.