ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maslahat geçirýär

2018-nji ýylyň 28-nji awgustynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de söz azatlygyny ilerletmek babatda hyzmatdaşlyk” atly taslamanyň çäklerinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan iki günlük maslahat öz işine başlady.

Okuw maslahatyna dürli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň – teleradioýaýlymlaryň, gazet-žurnallaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, şeýle hem degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň öňünde maslahata çagyrylan halkara bilermenler mowzuklaýyn okuw sapaklary bilen çykyş etdiler.

Maslahatyň maksady Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň žurnalistika fakultetleri üçin söz azatlygyň esasy ugurlarynyň toplumyny taýýarlamak boýunça maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Açyk gepleşikler görnüşinde geçen okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylaryň žurnalistikanyň dürli ugurlary boýunça özara tejribeleri alyşmak üçin mümkinçilik döredildi.