Türkmenistanda Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça Hereketleriň milli Meýilnamasyny ýerine ýetirilmegiň gidişi seljerildi
2018-nji ýylyň 31-nji awgustynda Aşgabatda Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2016-2018-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň (HMM) ýerine ýetirilmeginiň gidişini seljermek boýunça tegelek stoly geçirildi.
Çäräniň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekilhanasynyň, ABŞ-niň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň, Gazagystan Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň, Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri, halkara bilermenler, şeýle hem Türkmenistanyň degişli institutlarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Tegelek stolunyň çäginde 2016-2018-nji ýyllar üçin HMM-ni ýerine ýetirmek boýunça işleri seljerildi we adam söwdasy çygrynda hukuga garşy hereketleri bilen göreşmäge gönükdirilen geljekdäki bilelikdäki hereketleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar adam söwdasynyň pidalaryny ugrukdyrmak boýunça mehanizminiň çäginde adam söwdasynyň pidalaryna ýardam etmegiň hukuk-kada esasyny işläp taýýarlamakda edaralaryň we bölümleriň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine garaldy.
Tegelek stolunyň dowamynda gelinen netijeleriň esasynda, nobatdaky döwür üçin hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň mümkinçiligine garaldy.