Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi
2018-nji ýylyň 12-nji senýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň başlygy, Iş dolandyryjysy Mahmud Waeziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk boldy.
Gepleşikleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda ýola goýlan gepleşikleri geljekde ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryny beýan edip, taraplar döwletara hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini bellediler we bu ugurda arkalaşykly gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikirleri alyşdylar. Geljekde sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda halkara guramalaryň çäginde gatnaşyklary ösdürmek meýilleri bellenildi.
Gepleşikleriň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, şol sanda energetika, awtomobil we demir ýol ulaglary pudaklarynda, nebitgaz senagatynda ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň işiniň wajyplygy bellenildi.