Tailand Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2018-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmak maksady bilen iş saparyna gelen Tailand Patyşalygynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Ankara ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi h-m Phantipha Iamsudha Ekarohit bilen duşuşyk boldy.

Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygyny beýan edip, türkmen tarapy syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özaragatnaşyklaryň oňyn netijeliligini belledi. Taraplar Türkmenistanyň we Tailand Patyşalygynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlygy beýan etdiler we energetika, gurluşyk we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda ylalaşdylar. Ýokary derejelerdäki saparlary gurnamagyň, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin işewürler toparlarynyň saparlarynyň mümkinçiliklerine seredildi.

Türkmenistanyň halkara meýdanyndaky işjeňligini bellemek bilen, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin teklipleriniň ähmiýetini barada bellediler. Şunlukda, taraplaryň ünsi halkara guramlaryň çarçuwasyndaky özaragatnaşyklaryň meselelerine seredildi.

Duşuşygyň çäginde Tailand Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi h-m Phantipha Iamsudha Ekarohit ynanç hatylarynyň nusgalaryny gowşurdy.