«Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň jemleýji tapgyry we ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler

2018-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň jemleýji tapgyry we ýeňijilere sylaglary gowşurmak dabarasy geçiriler.

Dört günüň dowamynda ähli türgenler medallar ugrunda çekeleşikli bäsleşikleri alyp bardylar. Ýöne sport hereketiniň bäsleşikli häsiýete eýe bolmagyna garamazdan, açyk we ynanyşmak gatnaşyklaryna, dostluga, özara düşünişmäge bolan gyzyklanmalary has aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Türgenleriň her biriniň öz ýurduna hem-de watanynyň baýdagyna mynasyp derejede wekilçilik edendiklerini bellemek zerurdyr.

Günüň ikinji ýarymynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň ýeňijilerini sylaglamak we ýadygärlik sowgatlaryny gowşurmak dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýeňijileri sylaglamak dabarasyndan soňra «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtly sungat ussatlarynyň konserti bolar.