Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 27 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergä gatnaşyjylara

Si­zi Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy üs­tün­lik­le­ri­niň Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň 27 ýyl­lyk baý­ra­my­na ba­gyş­la­nan ser­gi­si­niň açyl­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn! Türk­men döw­le­ti­niň baş baý­ra­my bo­lan mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän bu ser­gi­niň uly üs­tün­lik­le­re eýe bol­ma­gy­ny tüýs ýü­rek­den ar­zuw ed­ýä­rin! 

«Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň bel­len­ýän gün­le­rin­de gu­ral­ýan bu ser­gi­de öz­gert­me­ler ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan ata Wa­ta­ny­myz­da ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň we gül­läp ös­me­gi­niň, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne al­nyp ba­ryl­ýan giň möç­ber­li iş­le­riň ne­ti­je­sin­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler, Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şin­de, mil­le­tiň ru­hy-me­de­ni gal­ky­ny­şyn­da ýe­ti­len sep­git­ler, «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen şy­gar as­tyn­da äh­li ugur­lar­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. 

Bu ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler döw­le­ti­mi­ziň ber­ka­rar­ly­gy­nyň, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň hem-de je­bis­li­gi­niň mi­ze­mez­li­gi­niň, dost-do­gan­lyk, hoş­ni­ýet­li­lik we yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­mi­ziň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. 

Türk­me­nis­tan hal­ka­ra bi­le­le­şi­k­de öz my­na­syp or­nu­ny eýe­le­mek bi­len, dür­li ugur­lar bo­ýun­ça öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy has-da gi­ňel­dip we oňyn baş­lan­gyç­la­ry öňe sü­rüp, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň öňün­de uly ab­ra­ýa we hor­ma­ta eýe bol­ýar. 

Ýur­du­my­zyň halk ho­ja­lyk top­lu­my­ny in­no­wa­sion ýo­ly bi­len ös­dür­mek, se­na­ga­ty di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň kuw­wa­ty­ny has-da art­dyr­mak, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak, dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­gi­ne do­ly möç­ber­li go­şu­lyş­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy­ny düz­ýär. 

Ga­dyr­ly dost­lar! 

Eziz wa­tan­daş­lar! 

Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň dur­muş üp­jün­çi­li­gi­niň, ýa­şa­ýyş de­re­je­si­niň has-da ýo­kar­lan­ma­gy döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy ösü­şi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şu mak­sat­dan ugur alyp, biz Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ryn­da hä­zir­ki za­ma­nyň ösen ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän kär­ha­na­la­ry gur­ýa­rys, hal­ka­ra ba­zar­la­r­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan önüm­le­ri ön­dü­rip da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ryn­da öz or­nu­my­zy ber­kid­ýä­ris. Bu bol­sa mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga öz oňaý­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler, gu­rul­ýan des­ga­lar dün­ýä­niň iň kä­mil teh­no­lo­gik en­jam­la­ry or­naş­dy­ry­lan kär­ha­na­lar­da ön­dü­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­ler, dür­li ugur­lar­da edil­ýän ýo­ka­ry de­re­je­li hyz­mat­lar we beý­le­ki üs­tün­lik­le­ri­miz bu gün bi­zi buý­san­dyr­ýar. 

Hor­mat­ly da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar! 

Mäh­ri­ban adam­lar! 

Si­zi Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy üs­tün­lik­le­ri­niň Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň 27 ýyl­lyk baý­ra­my­na ba­gyş­la­nan ser­gi­si­niň açyl­ma­gy bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn! 

Si­ze berk jan sag­lyk, aba­dan we bag­ty­ýar dur­muş, ata Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­ri­ňiz­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­rin! 

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti 

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW