Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahatyna gatnaşyjylara
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary!
Sizi Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Belent maksatlara ruhlandyrýan Milli baýramymyz bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 27 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilýän bu maslahatyň dünýä türkmenlerini jebisleşdirmek, ykdysady, medeni, ylym-bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, sport, telekeçilik we beýleki ugurlar boýunça aragatnaşyklarymyzy işjeňleşdirmek babatda örän möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn.
Garaşsyzlyk eziz Watanymyzyň, bütin milletimiziň hem-de berkarar döwletimiziň bitewüligini dabaralandyrýan, göwünlerimizi ganatlandyrýan şanly senedir. Mundan ýigrimi ýedi ýyl ozal Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň jar edilmegi bilen, ata Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň ýörelgeleri, syýasy, ykdysady, medeni ösüşleriniň sarsmaz binýady goýuldy. Garaşsyzlyk merdana halkymyzyň, aýratyn hem dünýäniň çar künjeginde ýaşaýan türkmenleriň agzybirligini we jebisligini, watansöýüjilik buýsanjyny, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we dostluk ýörelgelerini Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyz belent maksatlara tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Biz mähriban halkymyzyň, şol sanda dünýä türkmenleriniň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerine daýanyp, milli maksatnamalarymyzy, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys.
Güneşli Diýarymyzda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, saglyk merkezlerini, önümçilik we durmuş maksatly iri kärhanalary, häzirki zaman ulag, aragatnaşyk ulgamlaryny öz içine alýan döwrebap etraplary, şäherdir obalary gurup, ulanmaga berýäris hem-de eziz Watanymyzyň iň täze taryhyna şan-şöhratly sahypalary ýazýarys.
Bütin dünýäde parahatçylygyň we ylalaşyklylygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän, ählumumy ösüşiň, abadançylygyň hem-de rowaçlygyň bähbitlerine oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän garaşsyz döwlet hökmünde berkarar Watanymyzyň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar.
«Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen 2018-nji ýylda Garaşsyz döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň býurosynyň agzalygyna saýlandy. Biziň başlangyjymyz bilen bu guramanyň Baş Assambleýasynyň Owganystanda halkara tagallalary goldamak hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» baradaky Rezolýusiýalary kabul edildi. 3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi. Garaşsyz döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň - EKOSOS-nyň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlandy. Bu mysallar Bitarap Türkmenistanyň bütin dünýäde abraý-mertebesiniň barha artýandygyny aýdyň görkezýär.
Eziz doganlar, gadyrly dostlar!
Ata-babalarymyzyň dürli taryhy ýagdaýlar sebäpli ylym-bilimiň, medeniýetiň hem-de sungatyň gülläp ösen mekany bolan, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ata Watandan alys ülkelere göçen döwürleri az bolmandyr. Uzak ülkelerde aýlar aýlanyp, ýyllar dolansa hem merdana pederlerimiz watansöýüjiligi, dostlugy, ýokary ahlaklylygy we ynsansöýüjiligi durmuşyň beýik nusgasy derejesine ýetiripdirler. Çünki mukaddes toprak, ata Watan düşünjelerinde müňýyllyklardan gözbaş alýan mähir bardyr. Eziz Watan, mukaddes toprak gözümiziň göreji, başymyzyň täjidir. Her bir türkmen üçin şirin jandan ezizdir.
Şoňa görä-de, biziň her birimiz üçin parahatçylygyň we dostlugyň, ägirt uly ösüşleriň mekany bolan Garaşsyz Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmekden belent borç ýokdur.
Merdana pederlerimiziň asyrlarboýy kämilleşdirip gelen ýol-ýörelgelerine eýerip, bu gün biz alysdaky we goňşy ýurtlar bilen dost-doganlygyň mizemez köprülerini gurýarys. Türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlary bilen özara bähbitli we ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýäris. Şoňa laýyklykda, dünýä türkmenleriniň ýaş wekilleri ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýär, hünär kämilligini geçýärler. Dostlukly gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrýan döredijilik festiwallary, medeni-jemgyýetçilik çäreleri yzygiderli geçirilip durulýar. Watansöýüjiligi, dostlugy, ynsanperwerligi ýörelge edinen dünýä türkmenleriniň biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyzy goldamagy döwletimizi we jemgyýetimizi gülledip ösdürmekde egsilmez güýç-kuwwat berýär. Geljekde hem biziň döwlet syýasatymyz dünýä türkmenleri bilen doganlyk gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrmaga, eziz Watanymyzyň abraýyny mundan beýläk-de belende götermäge gönükdiriler.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Mähriban doganlar!
Sizi Dünýä Türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Goý, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň röwşen ýolunda abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyz täze sepgitlere ýetsin, eziz Diýarymyzyň dünýädäki at-abraýy has-da belende galsyn!
Size berk jan saglyk, eşretli we bagtyýar durmuş, bedew bady bilen täze ösüşleri gazanýan Garaşsyz Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW