Türkmenistanyň paýtagtynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahaty boldy
2018-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahaty geçirildi.
DTYB-nyň XXI maslahatynyň işiniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular.
Soňra “Mekan” köşgünde maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Oňa hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, daşary ýurtlardaky türkmen kowçumlaryndan wekiller, DTYB-nyň toparlaýyn agzalary bolan syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen birleşigiň şahsy agzalary, ylym hem-de medeniýet işgärleri, hormatly il ýaşululary, žurnalistler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns we çäksiz ruhubelentlik bilen diňlediler.
Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem abraýly halkara gurama bolan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işi hakyndaky hasabat diňlenildi. Onda bellenilişi ýaly, dünýäniň 14 ýurdunda DTYB-nyň bölümleriniň 27-si hereket edýär. Onuň düzüminde 300-den gowrak topar we ýüzlerçe agzalar, şol sanda daşary ýurtly ildeşlerimiziň 400-e golaýy bar.
Ildeşlerimiziň jebisleşmegini üpjün etmek, dünýäde türkmen halkynyň taryhyny we medeniýetini, däp-dessurlaryny, ýurdumyzyň bu gün gazanan üstünliklerini wagyz etmek daşary ýurtly kowçumlar bilen alnyp barylýan işleriň möhüm ugurlary bolup durýar. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmekde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny we ählumumy oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde DTYB-nyň ähmiýeti uludyr.
Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Saud Arabystanyndan gelen wekiller DTYB-nyň daşary ýurtlardaky bölümleriniň işi hakynda gürrüň berdiler.
Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän ähli halkara başlangyçlary we ýöredýän oňyn syýasaty halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge ösdürmäge hyzmat edýär.
Maslahatyň dowamynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işjeň agzalaryna Hormat hatlary gowşuryldy. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Soňra baýramçylyk konserti boldy.