Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana Ahwaz şäherinde harby ýörişiň dowamynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylykly hereketler zerarly gynanç bildirdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.

Şu agyr pursatda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.