Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Dün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyza atasy Berdimuhamet Annaýewiň mynasyp bolan “Edermenligi üçin” diýen medalyň dabaraly gowşurylyşy boldy. 

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýun aýynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permanyna laýyklykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewe Watany goramakda we harby borjy ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin RF-iň ýokary döwlet sylagy — “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanandygy baradaky hoş habar gelip gowuşdy. 

Duşuşykda Russiýanyň doly ygtyýarly wekili döwlet Baştutanymyza iň ýokary derejeli harby sylaglaryň biri bolan medaly, şeýle hem Berdimuhamet Annaýewiň gullugyna dahylly Russiýanyň harby arhiwlerinden ýygnalan kitap görnüşindäki resminamalary gowşurdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň adyndan we hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putine çuňňur hoşallyk bildirip, Berdimuhamet Annaýewe berlen ýokary döwlet sylagynyň ikinji jahan urşunyň söweş meýdanlarynda tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygyň bähbidine başyny goýan watandaşlarymyzyň belent sarpalanýandygyna şaýatlyk edýändigini belledi. Milli Liderimiz bu medaly Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän muzeýine gowşurjakdygyny aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz duşuşyga gatnaşýan ýurdumyzyň goranmak ministrine Berdimuhamet Annaýewiň mynasyp bolan ýokary sylagyny gowşuryp, “Edermenligi üçin” diýen medalyň ýaş esgerleri uly üstünliklere ruhlandyrjakdygyna ynam bildirdi. 

Hemmeleriň belent hormat goýýan ynsany — mugallym, öz ene topragynyň hakyky watançysy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda edermen söweşen harby esger, soňra bolsa parahatçylyk döwründe durmuşyny köpugurly mugallymçylyk işine bagyş eden Berdimuhamet Annaýewiň şöhratly durmuş ýoly Watanymyza hem-de mähriban halkymyza wepaly gulluk etmegiň aýdyň nusgasy, häzirki döwürde edermen ata-babalarymyzyň şöhratly ýollaryny mynasyp dowam etdirýän ýaş nesli terbiýelemek işinde görelde mekdebi bolup hyzmat edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atasy Berdimuhamet Annaýewiň mynasyp bolan ýokary sylagynyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda mundan beýläk-de dostluk gatnaşyklaryny we strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň nyşanydygyny nygtap, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we tutuş doganlyk rus halkyna tüýs ýürekden jan saglyk, bagt, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. 

Milli Liderimiz rus diplomatyna minnetdarlyk bildirip, oňa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli ýadygärlik nyşanyny we öz täze kitaplaryny — “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eseriniň ikinji kitabyny we “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly ylmy kitabyny gowşurdy.