Türkmenistanyň Prezidenti “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlygyň 27 ýyllyk şanly senesi bilen gutlady hem-de türkmen halkyna bagt we abadançylyk, mundan beýläk-de okgunly ösüş arzuw etdi. Işewüriň belleýşi ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy durmuş-ykdysady ösüşde ägirt uly üstünliklere eýe bolan ýurdumyz bilen köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigine buýsanýar.
Hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy we dürli pudaklarda ýöriteleşdirilen we şol sanda dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önüm öndürýän iri senagat desgalarynyň gurluşygyny alyp barýan daşary ýurt kompaniýalary bilen özara peýdaly işewür gatnaşyklar üçin açykdygyny belledi. Milli ykdysadyýetimiziň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we onuň köpugurly esasda ösdürilmegi uzak möhletleýin esasda netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri açýar we oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň we täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny şertlendirýär.
Türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza Ahal welaýatynyň çäginde tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürjek kärhananyň gurluşygynyň barşy hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, desganyň gurluşygy bellenen tertipnama laýyklykda alnyp barylýar we ol kesgitlenen möhletde ulanmaga berler.
Gazy gaýtadan işleýän toplumyň gurluşygynyň wajypdygy barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu giň möçberli taslamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakda möhüm ädime öwrülýändigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda işewür kompaniýa bildirýän ynamy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.