TÜRKMENISTANYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASY TARAPYNDAN MILLI PAWILÝON SERGILENDI


2016-njy ýylyň 8-10-njy sentýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Bilejik welaýatynyň Sögüt etrabynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli pawilýon sergilendi. 
Çäre Sögüt etrabynyň merkezinde ýerleşýän Gökdepe köçesiniň ugrunda (21.06.1994 senedäki ikitaraplaýyn “dogan şäherler” ylalaşygy esasynda köçä Gökdepe ady dakylypdyr) we Ärtogrul Gazynyň kümmediniň ýerleşýän ýeriniň ýanyndaky sport meýdançasynda we onuň daş-töwereginde taryhy ak öýler bilen gurşalyp, sergide Ärtogrul Gazynyň türkmen kökenli bolandygy sebäpli, türkmen halkynyň beýik taryhy we milli gymmatlyklary şöhlelendirildi.  
Ilçihana tarapyndan gurnalan milli sergide Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy babatda däl-de, eýsem, häzirki günde Türkmenistan döwletimiziň halkara derejede alyp barýan üstünlikli işleri, ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň gazanan üstünlikleri, taryhy-medeni mirasy, hususan-da 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek V Aziýa oýunlary hem-de Hormatly Prezidentimiziň eserleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy. 
Ilçihana tarapyndan gurnalan sergi forumyna Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Tugrul Türkeş, Bilejik welaýatynyň häkimi Süleýman Elban, Bilejik etrap häkimi Selim Ýagjy, Sögüt etrap häkimi Halil Aýdogdy, Sögüt etrabynyň gubernatory Berkan Sönmezaý, Beýik Birlik partiýasynyň başlygy Mustafa Destiji hem-de beýleki etrap häkimleri we millet wekilleri gatnaşdylar.