Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. 

Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň okgunly depginini kanagatlanma bilen bellediler. Bu gatnaşyklar gadymdan gözbaş alýan doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanyp, mazmun taýdan ýylsaýyn baýlaşýar. 

Dostlukly, ynanyşmak häsiýetine eýe bolan söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň abraýly sylagynyň gowşurylmagy mynasybetli iberen gutlagy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu sylag köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, telekommunikasiýalary we ählumumy maglumatlar giňişligini ösdürmekde gazanylanlaryň halkara derejede ykrar edilmegine şaýatlyk edýär. 

Şeýle hem milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň Termez şäherinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň dabaraly garşylanandygy hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biz şu ýyly “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip yglan etdik. Biziň ýurdumyzyň taryhy çäkleri bu gadymy kerwen ýolunyň “ýüregi” bolup durýar. Häzir bu ýol täze şertlerde dikeldilýär. 

Şol şygar astynda biz dürli çäreleri, şol sanda Medeniýet günlerini geçirýäris. Özbegistanyň üsti bilen ýolagçy düzüminde Täjigistana ugran wekillerimiziň üstüne hem jogapkärli wezipe — milli taryhy-medeni mirasymyzyň baýlygyny açyp görkezmek, goňşy doganlyk halklaryň arasynda netijeli ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge ýardam etmek wezipesi ýüklenildi. 

Söhbetdeşler döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerine ünsi jemläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykyp, täze görnüşe eýe bolandygyny bellediler. Anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen möhüm ylalaşyklar, şeýle hem geçen ýyl Aşgabatda gol çekilen Strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnama munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

Şunda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda — ulag-aragatnaşyk ulgamynda we beýleki birnäçe ugurlarda, hususan-da, obasenagat toplumynda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde özbek oba hojalyk tehnikalarynyň özüni gowy tarapdan görkezendigini belläp, Türkmenistanyň olary geljekde hem satyn almakçydygyny aýtdy.

Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine goňşy döwletleriň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklara ygrarly bolup galýandygyny tassykladylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewi Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ugurlar boýunça ylalaşylar. 

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem berkejekdigine we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege jan saglygyny we üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.