Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk Bayramy gutlandy

2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde ýerleşýän "Swiss" myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik dabarasy geçirildi.

Kabul edişlige Türkiýe Respublikasynyň Mejlisiniň käbir deputatlary, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, welaýat häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurdumyzda işleýän işewür adamlar, daşary ýurt Ilçihanalarynyň, halkara guramalarynyň we Türkiýäniň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de Türkiýede işleýän ildeşlerimiz we bilim alýan türkmen talyplarymyz gatnaşdylar.

Resmi kabul edişlik dabarasyna türk tarapyndan hormatly myhman hökmünde Ankara welaýatynyň gubernatory Erjan Topaja gatnaşdy. Şeýle hem, kabul edişlige Ýozgat welaýatynyň gubernatory Kemal Ýurtnaç, Türkiýäniň Prezidentiniň Baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň birnäçe deputatlary  gatnaşdylar. 

Çäräniň resmi böleginde çykyşlar boldy. Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistan-Türkiýe gatnaşyklary, Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzy ösdürmek ugrundaky alyp barýan içeri we daşary syýasaty hem-de ýurdumyzda syýasy we ykdysady ugurlarda ýetilen belent sepgitler barada beýan edildi.

Resmi kabul edişlik dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentiniň kitaplarynyň we türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň sergisi hem-de türkmen talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde  folklor-tans çykyşlary guraldy. 

Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, türkmen milli sazlarynyň astynda myhmanlara nahar we türkmen milli tagamlary hödür edildi.