Nýu-Ýorkda durnukly ulagyň ösüşi boýunça tegelek stol geçirildi
2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen hem-de BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri baradaky departamentiniň (UN DESA), BMG-niň iň pes ösen ýurtlar, deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlar we kiçi ada ösüp gelýän ýurtlar boýunça Ýokary wekiliniň Müdiriýetiniň (UN OHRLLS), Bütindünýä Bankynyň (WBG) we Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň (ICTD) ýardam bermeklerinde “2030-njy ýyla çenli hemmeler üçin ulagyň we ykjamlygyň durnukly ösüşini gazanmagyň hatyrasyna: Aşgabat maslahatynyň geçirilenine iki ýyl boldy” atly tegelek stol gurnaldy.
Bu çärä BMG-niň Sekretariatynyň ýolbaşçylary we işgärleri, sebitleýin komissiýalarynyň wekilleri, agza döwletleriň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilleri we wekilhanalaryň diplomatlary, hökümete degişli bolmadyk we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräni açyp, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa iki ýyl mundan öň Aşgabatda Durnukly Ulag boýunça Birinji Global Maslahaty geçirildi, diýip belledi. Ilçi maslahatdan soň geçen döwrüň içinde Türkmenistanda durnukly ulagyň ösüşi ulgamynda uly işleriň ýerine ýetirilendigini aýtdy. Hususan-da, “Lýapis Lazuli” ulag geçelgesini döretmek üçin bäştaraplaýyn ylalaşyga gol çekildi, Türkmenbaşyda Halkara deňiz porty gurlup ulanmaga berildi, BMG-niň Baş Assambleýasy durnukly ulag boýunça kararnama kabul etdi we Bütindünýä welosiped güni döredildi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71/212 belgili kararnamasynyň 2-nji bölüminde Baş Assambleýa Baş Sekretara Birinji Maslahatyň maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin ýene-de bir Durnukly Ulag boýunça Global Maslahatyny çagyrmagyň mümkinçiliklerine garamagy teklip edýär. Ilçi bu bölüme salgylanyp, Türkmenistanyň Hökümetiniň bu maslahaty öz ýurdumyzda geçirmäge taýýarlygyny birnäçe gezek tassyklandygyny aýtdy.
BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri baradaky departamentiniň (UN DESA)-nyň wekili Durnukly Ulag boýunça Birinji Global Maslahatynyň Aşgabatda geçirilendiginiň wajyň ähmiýetini belledi we ulagyň daşky gurşawy hapalaýan pudaga girýänligine garamazdan Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmekde esasy gural bolup durýandygyny aýtdy.
Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň wekili bu Merkeziň ulag bilen bagly BMG-niň Konwensiýalaryny we 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş boýunça Gün tertibini ýerine ýetirmekdäki ähmiýeti barada gürrüň berdi.
Russiýa Federasiýasynyň, Kanadanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzstanyň Hemişelik wekilleri Türkmenistanyň Durnukly Ulag boýunça indiki Global Maslahatyny öz ýurdunda kabul etmek hakyndaky başlangyjyna öz goldawlaryny aýan etdiler we sebit hem-de global derejelerde durnukly ulag meselelerine işjeň üns berýändigi üçin Türkmenistana minnetdarlygyny bildirdiler.