Türkmenistanyň DIM-de Owganystan Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Mohammad Homaýun Kaýumi bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň hem ikitaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirmek ugruna bolan meýillerini aýan etdiler, şeýle hem sebitdäki ýagdaýy we türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny dürli ulgamlar boýunça ösdürmegiň geljekki ädimlerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Esasy meseleleriň hatarynda taraplar hökümetara özara baglanyşygyň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygynyň uly ornuny bellediler. Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisi (TOPH) we «Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň» birinji tapgyry Kerki-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan) demir ýolyny ulanmak ýaly bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Owganystan Yslam Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň goňşy döwletde durnuklylygy saklamakda, parahatçylygy dikeltmekde we bagtyýar durmuşy üpjün etmekde edýän tagallalaryna uly baha berip Türkmenistanyň Owganystany dikeltmekde hemişe edýän ýardamlary üçin uly minnetdarlygyny bildirdi.
Türkmen tarapy Türkmenistanyň oňyn goňşuçylyk, ynsanperwerlik we duýgudaşlyk ýörelgelerinden ugur alyp geljekde hem doganlyk ýurda iş ýüzünde ýardam berjekdigini belledi.