Türkmenistanyň DIM-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirildi
2018-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejedäki ähmiýetini hem-de döwlet Baştutanlarynyň birek biregiň ýurduna amala aşyrýan saparlarynyň aýratyn möhümdigini belläp geçdiler.
Şeýle hem, gepleşikleriň dowamynda wekiliýet ýolbaşçylary söwda-ykdysady, ulag, energetika hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlyklary giňeltmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplaryň arasynda “Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2019–2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna” gol çekmek dabarasy geçirildi.
Mundan başga-da, gün tertibiniň çäginde Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda leksiýa bilen çykyş etdi.