Tunis Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Mohamed Ali Şihi bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýarlygyny belläp, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Dürli ulgamlarda özara hereketiň mümkinçiliklerine seretmekligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatiki ulgamlarda, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ösüşine kanagatlanma bildirdiler.
Mundan başgada, ylym, medeniýet we sport ulgamlarynda gatnaşyklaryň ösüşine ikitaraplaýyn gyzyklanma beýan edildi.
Netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilmäni belläp, türkmen tarapy Ilçä ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde alyp barýan işinde goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi.