Wenada Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň 10 ýyllygy bellenildi

2018-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň 10 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy bu jemgyýet bilen bilelikde döredijilik agşamyny geçirdi.

Çäräniň hormatly myhmanlary hökmünde Awstriýanyň ministrlikleri we döwlet edaralarynyň wekilleri, Wenada şäherinde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň wekilleri, bu ýurduň işewürleri, Wena diplomatik akademiýasynyň professorlary we mugallymlary, Awstriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary, gazet-žurnallaryň we elektron neşiriýatlaryň žurnalistleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň we Аwstriýa-türkmen jemgyýetiniň prezidenti doktor hanym Neda Bergeriň çykyşlary diňlenildi.

Çykyşlarda Türkmenistanyň we Awstriýanyň medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ösüşiniň syýasatyna ýokary baha bermek bilen, onuň iki ýurduň arasyndaky açyk hem-de gyzgyn gatnaşyklary goldamaklyga ýardam edýändigi bellenilip geçildi. Şeýle hem bu Jemgyýetiň geljekki ösüşe ýardam edýän işiniň wajypdygy aýratyn bellenip geçildi.

Çykyş edenler, Türkmenistanyň we Awstriýanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň esasy ugurlary barada, şeýle hem iki döwletiň arasyndaky döwrebap derejede hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, hususan-da syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary barada aýdyp geçdiler. 

Şeýle hem Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň “Galkynyş” žurnalynyň nobatdaky sanynyň tanyşdyryş dabarasy hem geçirildi.

Çäräniň esasy böleginiň tamamlanandan soňra türkmeniň belli sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy. Şeýle hem myhmanlar türkmen milli naharlaryndan taýýarlanan resmi kabul edişlige gatnaşdylar.