Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyny gutlama dabarasy we Surat sergisi


Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2016-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda, Türkiýäniň premýer-ministrliginiň Daşary ýurtlardaky türkler we doganlyk jemgyýetleri müdirliginiň edarasy bilen  bilelikde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy» atly dabaraly çäreler toplumy geçirildi. Çäräniň dowamynda halkara maslahaty, surat sergisi we baýramçylyk konserti guraldy.

Konferensiýa salonda guralan dabaraly çäreler toplumyna Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisindäki Adalat we ösüş partiýasynyň Ordu millet wekili, Türkmenistan-Türkiýe Parlamentara dostluk toparynyň başlygy Metin Gündogdu, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisindäki Milletçi hereket partiýasynyň Antalýa millet wekili Dos.Dr. Mehmet Günal, Mejlisdäki  Milletçi hereket partiýasynyň Kars millet wekili Dr. Ýusuf Selahattin Beýribeý, Türkiýäniň premýer-ministrliginiň Daşary ýurtlardaky türkler we doganlyk jemgyýetleri müdirliginiň başlygy Dr. Kudret Bülbül, SESRIK halkara merkeziniň direktory Musa Kulaklikaýa, Ankarada ýerleşýän daşary ýurt Ilçihanalarynyň Ilçileri we diplomat işgärleri, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň ýaş diplomatlary, Söwda we biržalar birleşiginiň (TOBB) wekilleri, Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň başlygy we agzalary, TÜRKSOÝ, Türk Geňeşi, TÜRKPA halkara guramalarynyň wekilleri, Türkiýedäki ýokary okuw jaýlarynyň professor-mugallymlary we bilermenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Türkiýe Respublikasynda işleýän ildeşlerimiz we bilim alýan türkmen talyplarymyz gatnaşdylar. 

Maslahatyň dowamynda Ilçihananyň 1-nji sekretary, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Ordu Millet wekili Metin Gündogdu, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisindäki Milletçi hereket partiýasynyň millet wekilleri Dos.Dr. Mehmet Günal we Dr. Ýusuf Selahattin Beýribeý, Premýer-ministrligiň Daşary ýurtlardaky türkler we doganlyk jemgyýetleri müdirliginiň başlygy Dr. Kudret Bülbül, Ata-Watan žurnalynyň redaktory Adem Kula, Ankara uniwersitetiniň mugallymy Prof. Berdi Saryýew çykyş etdiler.