Hökümetara türkmen-müsür toparynyň ikinji mejlisi Kairde geçdi
2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Kair şäherinde Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-müsür toparynyň ikinji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň we Müsür Arap Respublikasynyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň 11 sany ikitaraplaýyn duşuşyk geçirilip, olaryň dowamynda gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça pikir alşyldy we birnäçe ylalaşyklar gazanyldy.
Bu mejlisiň çäklerinde türkmen-müsür işewürler maslahaty hem boldy. Maslahata türkmen tarapyndan 20 golaý işewür we müsür tarapyndan 35 sany kompaniýa gatnaşdy. Işewürler maslahatynyň dowamynda 20 sany ikitaraplaýyn duşuşyk boldy.
Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-müsür toparynyň ikinji mejlisiniň işiniň netijesi boýunça bu Mejlisiň Teswirnamasyna gol çekildi.