Aşgabatda Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetine we mümkinçiliklerine bagyşlanan ýokary derejeli çäreler geçiriler
2018-nji ýylyň 6–7-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Hökümeti UNESKO bilen hyzmatdaşlyk esasynda «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahatyny gurnaýar. Maslahatyň işine ýokary derejeli wekilleriň gelmegine garaşylýar.
Maslahatyň işi mejlisler görnüşinde geçirilip, medeniýetara gepleşikleri, parahatçylygy we 2030-njy ýyl üçin BMG-niň gün tertibini ýerine ýetirmek maksady bilen hyzmatdaşlygy berkitmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän halklaryň geoykdysady mümkinçiliklerini açmagy, medeni, syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygyna ýardam bermegi maksat edinýär.
Maslahatyň öňüsyrasynda, ýagny 2018-nji ýylyň 4-5-nji dekabrynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeni hyzmatdaşlygyň interaktiw kartasynyň adaty sporty we oýunlary” atly mowzugyna bagyşlanan bilermenleriň duşuşygy, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny Bütindünýä mirasynyň sanawyna tapgyrlaýyn teklip etmek boýunça Utgaşdyryjy komitetiniň bäşinji maslahaty geçiriler.
Şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyna hem-de ähmiýetine bagyşlanan çäreler – «Ýüpek ýoly çagalaryň gözi bilen» atly surat sergisi, Beýik Ýüpek ýolunyň ýurtlarynyň suratlarynyň we arheologiýa mirasynyň sergisi, goňşy ýurtlaryň kitaplarynyň we neşirleriniň halkara sergisi geçiriler.