UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna “Ýüpek ýoly” atly nominasiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiniň bäşinji mejlisi öz işine başlady
2018-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda şu ýylyň 5-nji dekabryna çenli dowam etmegi meýilleşdirilýän UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna “Ýüpek ýoly” atly nominasiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiniň bäşinji mejlisi öz işine başlady.
Bu duşuşygyň işine ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna “Ýüpek ýoly” atly nominasiýasy boýunça Hökümetara utgaşdyryjy komitetiniň agzalary bolan 14 ýurtdan milli utgaşdyryjy merkezleri we bilermenleri hem-de synçy hökmünde Butanyň wekiliýeti bilelikde gatnaşdylar. Mundan başga-da, duşuşygyň işine gatnaşmak maksady bilen ÝUNESKO-nyň wekilleri, şeýle hem halkara bilermenleri, şol sanda IKOMOS-yň Halkara konserwasiýa merkeziniň (HHR, ş.Siýan) bilermenleri çagyryldy.
Maslahatyň açylyş dabarasynda “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” mowzugyna degişli film görkezildi we tanyşdyrylyş geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjy ýurtlaryň tagallalarynyň netijelerine seredilýär, medeni mirasynyň Sanawyna “Ýüpek ýolunyň” desgalarynyň deslapky sanawlary ara alnyp maslahatlaşylýar we utgaşdyrylýar, şeýle hem halkara-hukuk binýadynyň, şol sanda bu ugurdaky halkara guramalaryň orny we tejribesiniň ähmiýetleri seredilýär.
Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar täze bilelikdäki başlyklary saýlamak hem-de indiki boljak 6-njy utgaşdyryjy komitetiniň wagty we geçiriljek ýerini saýlamak boýunça pikir alyşarlar.
Şu ýylyň 5-nji dekabryna çenli bu mejlis öz işini dowam eder.