ÝUNESKO-nyň ministrler derejesindäki halkara maslahatynyň plenar mejlisi geçirildi
2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde ÝUNESKO tarapyndan «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara ministrler derejesindäki maslahatynyň plenar mejlisi tamamlandy.
Dünýäniň 40-а golaý ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän halkara maslahatynyň maksady Beýik Ýüpek ýolunyň durnukly ösüşi gazanmak üçin ähmiýetini hem-de wajyplygyny görkezmekden, häzirki wagtdaky jemgyýetlerde medeniýeti we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Beýik Ýüpek ýolunyň umumy mirasynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan, şeýle hem ösüşiň 2030-njy ýyla çenli gün tertibini berjaý etmek üçin Beýik Ýüpek ýolunyň mirasynyň goşantlary babatynda tejribe alyşmak hem-de bilimi paýlaşmak üçin maslahat gurnamagyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Halkara maslahatyň plenar mejlisinde Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we yslam arabaglanşygy boýunça Guramasynyň Başlygy Abuzar Ibrahimi Turkaman, Owganystan Yslam Respublikasynyň Maglumat we medeniýet ministriniň orunbasary hanym Saida Mojgan Mostafawi, Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Ahmet Haluk Dursun hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sun Weýdun çykyş etdiler.
Günüň ahyrynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly halkara maslahatyna gatnaşyjylar üçin ýörite gurnalan medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.