Türkmenistanyň DIM-de Ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2018-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň Halkara taslamalar boýunça müdirliginiň başlygy j-p Takasi Ýosiokanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ýyl-ýyldan has-da berkeýändigini belläp geçdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşine we strategiki häsiýetine hem seretdiler.
Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda wekiliýet ýolbaşçylary syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Aýratyn hem ulag ulgamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça soraglary ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň ahyrynda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, dürli ugurlarda yzygiderli hyzmatdaşlygy gejekde dowam etmek zerurlygyny bellediler.