Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly türkmen talyplary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) tarapyndan,  2018-nji ýylyň 28-nji we 30-njy Noýabrynda Stambul şäherinde ýerleşýän, Beýkent we Gelişim uniwersitetinde bilim alýan Türkmenistanly talyplar we uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.

Köp sanly Türkmen talyplarynyň bilim alýan uniwersitetlerinde, Türkmen talyplarynyň hiç bir kynçylyksyz okuwlaryna dowam edýandiklerini we bu ýagdaýdan hoşaldyklaryny aýdan uniwersitetiň ýolbaşçylaryna öz minnetdarlygyny bildiren Baş konsul Myratgeldi Seýitmämmedow, uniwersitetleriň maslahatlar üçin niýetlenen ýörite zalynda Türkmen talyplary bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Türkmenistanly talyplaryň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş we okuw şertlerini öwrenip, öz gezeginde: “Hormatly Prezıdentimiziň Türkmen ýaşlarynyň ‘watansöýer, işjeň, ýokary maksatly, ahlakly we döredijilikli işlerde ýer alyp, ukyby we zehinini Garaşsyz Ýurdumyzyň ösmeginde goşantlar goşmaga gönükdürmek üçin’ dürli ýurtlarda ýokary bilim almalaryna bolan goldawyny” belläp geçti.

Şeýle hem, uniwersitetlerde Türkmen ýaşlarynyň ýokary derejede bilim almagyndan hoşaldygyny bellap geçip, “Talyplarymyza gerekli bolan ähli goldaw we mümkinçilikleri döreden siz mugallymlara öz minnetdarlygymyzy aýdýarys. Talyplarymyzyň bu ýerlerde alan ýokary derejeli bilimleri olaryň gelejekde watana we jemgyýete peýdaly adamlar bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýete eýdigine ynanýarys” diyip aýtdy.

Duşuşyklaryň dowamynda ýetip gelýän,  Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 23 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk Güni mynasybetli gürrüňdeşlik geçirildi. Bitaraplyk syýasatynyň taryhy we onuň ösüşi barada giňişleýin maglumat berildi. Bu babatda aýdylanda, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigi, şeýle hem sebitiň ýurtlary we dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň tutýan işjeň we oňyn ornunyň BMG we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigi bellenildi.

Duşuşygyn soňunda Beýkent we Gelişim uniwersitetinde bilim alýan Türkmen talyplary özleri üçin atalyk aladasyny edýän, dürli ýurtlarda ýokary bilim alyp, halkara derejedäki hünärmenler bolup ýurdumyza dolanmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Mähriban Arkadagymyza öz minnetdarlyklaryny we alyp barýan döwlet işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.