Aşgabatda binagärlik döredijilik sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli binagärligiň ösüşi” atly binagärlik döredijilik sergisi öz işine başlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan durmuş-ykdysady maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde dürli maksatly desgalaryň gurulmagy Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň okgunly ösüşiniň möhüm görkezijisi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, şu gün açylan sergi ýurdumyzda şähergurluşyk, şäher düzümini kemala getirmek babatda gazanylan üstünlikleri, toplanan iş tejribesini hem-de mümkinçilikleri görkezmäge gönükdirilendir.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan guralan sergide degişli ýokary okuw mekdepleriň talyplary we mugallymlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmenistanyň Binagärler birleşiginiň binagärleri, TSTB-niň agzalary, şeýle hem döredijilik ussahanalary we aýratyn işleýän binagärler öz işleri bilen tanyşdyrdylar.
Serginiň açylyş dabarasy ýurdumyzyň şäherleriniň, obalarynyň, ata Watanymyzyň paýtagtynyň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözelligini wasp eden döredijilik toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy.
Sergä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, häzir ýurdumyzyň ähli sebitlerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuş we önümçilik maksatly döwrebap desgalaryň giň gerimli gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Olaryň ýokary hilli gurulmagy ýurdumyzyň hünärmenleriniň öz tejribesini artdyryp, işleri ýokary derejede ýerine ýetirmäge ukyplydygyny görkezýär. Bu babatda, ýurdumyzda gurulýan desgalaryň oýlanyşykly bina edilmegine hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuna kybap gelmegine jogap berýän binagärleriň orny hem giňelýär.
Taslama işine gatnaşýan ýa-da bu hünäri özleşdirýän ýurdumyzyň binagärleriniň döredijiliginde täze meýilleri we ugurlary açmak serginiň möhüm maksatlarynyň biridir. Şonuň üçin serginiň çäklerinde bäsleşik guralyp, onuň emin agzalary sergide görkezilen, ýokary ussatlyk derejesinde ýerine ýetirilen binagärlik eserleriniň iň gowularyny kesgitlemeli bolarlar.
Sergi bäsleşigine gatnaşmaga dört ugur boýunça: dolandyryş-jemgyýetçilik we syýahatçylyk binalary, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar we desgalar, landşaft binagärligi — seýilgähler we dynç alyş ýerleri, kiçi binagärlik görnüşleri ýaly ugurlar boýunça işleriň 290-sy geçirildi. Şeýlelikde, sergide binagärlik-taslama işlerine degişli wezipeleriň tutuş toplumy bilen tanyşdyrylýar.
Sergide görkezilýän beýik binalaryň, täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, idegi ýetirilen gök zolaklaryň taslamalary, awtorlaryň pikiri boýunça, türkmen şäherleriniň, obalarynyň hem-de sebitiň binagärlik merjeni diýlip atlandyrylýan Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtynyň bezegine öwrülmelidir.
Aşgabat günsaýyn gözelleşip, dünýäniň ajaýyp şäherleriniň hatarynda orun eýelän, okgunly ösýän megapolisiň çäklerini giňeldýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şäherde ýaşaýan adamlar üçin amatly daşky gurşawy döretmek hem-de olaryň oňaýly ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin şertleri döretmek şäheri ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Sergide dolandyryş we edara jaýlarynyň, söwda we dynç alyş merkezleriniň, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň maketleri we eskizleri görkezilýär. Kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň, ak mermerli dolandyryş binalarynyň, kärhanalaryň innowasion taslamalary eziz Watanymyzyň geljekde gurluş we gözellik taýdan ösüşine täzeçe seretmäge itergi berýär. Zehinli binagärleriň özboluşly pikirleri hem adaty şekilleri döredijilik eserine öwürmäge mümkinçilik berýändigi bilen özüne çekýär.
Şunda halkymyzyň baý taryhyny we medeniýetini şöhlelendirýän we uly täsir galdyrýan taslamalara “Nusaý” medeni-syýahatçylyk toplumynyň eskizini degişli etmek bolar. Onuň çäginde ady rowaýata öwrülen Parfiýa galasy ýerleşipdir. Häzir bar bolan, emma döredijilik taýdan özgerdilen binalaryň eskizleri aýratyn gyzyklanma döredýär. Mysal üçin, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň taslamalaryny görkezmek bolar.
Serginiň çäklerinde energo netijeli ýaşaýyş we edara binalarynyň, söwda merkezleriniň, sport desgalarynyň, seýilgähleriň taslamalary we eskizleri, şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli döwlet şähergurluşyk we ekologiýa syýasatyna laýyklykda ýurdumyzyň aýry-aýry şäherleriniň geljekki binagärlik ösüşini şöhlelendirýän işler görkezildi.
Bäsleşikde görkezilen taslamalar dürli ugurlar boýunça tejribeli hünärmenler tarapyndan öwreniler hem-de mynasyp baha berler, binagärlik bäsleşiginiň ýeňijileri bolsa, serginiň jemleýji güni — 8-nji dekabrda yglan ediler hem-de Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.