Stambul uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 23 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ylmy-maslahat we dabaraly çäre geçirildi.

2018-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullugy (Stambul ş.) tarapyndan Türkiýäniň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Stambul uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 23 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ylmy maslahat we dabaraly çäre geçirildi. Geçirilen çärä Stambul uniwersitetinde okaýan Türkmenistandan we beýleki daşary ýurtlardan gelen talyplar, hem-de Stambul uniwersitetiniň professor mugalymlary we birnäçe hormatly myhmanlar gatnaşdylar.

Ylmy maslahatda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi I.H.Amanlyýew, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly (Stambul ş.) M.Seýitmämmedow, Stambul uniwersitetiniň rektory Mahmut Ak, Türkiýäniň Marmara Gruby jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Akkan Suwer, Stambul şäheriniň medeniýet müdirliginiň jogapkär işgäri Salyh Dogan hem-de başga-da birnäçe Türkiýäniň abraýly jemgyýetçilik we ylmy işgärleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 23 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni bilen bagly çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde ähmiýeti, Türkmenistanyň BMG-nyň rezolýusiýasy esasynda agza ýurtlar tarapyndan biragyzdan Türkmenistanyň Bitarap ýurt hökmünde ykrar edilmegi ýurduň syýasy abraýyny dünýä derejesine çykarandygy, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti G.M.Berdimuhamedowyň teklibi bilen 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek barada Rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilendigi barada nygtadylar.

Şeýle-de çykyş edenler, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň “Halkara Bitaraplyk güni” baradaky Rezolýusiýanyň Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki ýokary abraýynyň hem-de onuň älumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşan uly goşandynyň ählumumy ykrar edilmesi bolandygyny, resminamada bellenilişi ýaly, bitaraplyk milli syýasaty degişli sebitlerde hem-de ählumumy derejede parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigi we parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny aýtdylar.  

Şeýle-de, ylmy maslahatda çykyş eden Stambul uniwersitetinde okaýan türkmen talyplarynyň wekili Hormatly Prezidentimiz G.M.Berdimuhamedow talyp ýaşlara, şol san-da daşary ýurtlarda okap bilim alýan talyplara uly ynam bildirýändigini, Hormatly Arkadagymyzyň «Ylym adamyň dünýägaraýşyny we durmuşyny özgerdýän, oňa täsir edýän hakyky baýlykdyr» diýip, ýaşlara öwüt-nesihat berýändigini, Gahryman Arkadagymyzyň özleri üçin edýän atalyk aladasy bilen bagly özleriniň minnetdarlygynyň çäksizdigini belledi.

Geçirilen ylmy maslahat we dabaraly çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödür edildi.